Awtomobil ulaglarynyň halkara Birleşigi (IRU) Türkmenistanyň gümrük pudagy üçin sanly üsthatlary ornaşdyrmakda Halkara ýol gatnawçylary türkmen birleşigine (THADA) goldaw berdi. Bu barada IRU-nyň TIR we üstaşyr bölüminiň müdiri Tatýana Reý-Belleniň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berdi.
Tatýana Reý-Belleniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň dekabrynda «e-CMR» teswirnamasyna (ulag üsthatynyň elektron görnüşi) goşulmagy bu goldawyň netijesi boldy.
— Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň gümrük we ulag edaralary IRU-nyň sanly üsthatlaryň (e-CMR) ylalaşykly çemeleşmäniň binýadynda iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine goldaw bermek üçin döredilen BMG ÝYK-yň ýörite toparynyň çägine girýän beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky teklibine işjeň jogap berdiler — diýip, hünärmen belledi.
Mundan başga-da, ol 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hökümetiniň halkara söwda we ulag pudagynda amaly we görnükli netijeleri gazanyp, netijeli we ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirendigini aýtdy.