Fransiýanyň paýtagty zibile gark bolýar, muňa zibil ýygnaýjylaryň iş taşlaýyşlary sebäp boldy. Gürrüň köçelerdäki zibilhanalarda toplanan zir-zibiliň on müňläp tonnasy barada barýar diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.
Zir-zibilden köçeleriň ýakasyndaky gaplardyr haltalar doldy, sebäbi şäheriň zibil toplaýjylarynyň üçden bir bölegi geçen hepdede işe çykmadylar. Olar hökümet tarapyndan hödürlenen pensiýa ýaşynyň uzaldylmagy bilen bagly ählumumy iş taşlaýşa goşuldylar.