Soňky habarlar

Arhiw

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy Aşgabatda ilkinji gezek duşuşyk geçirer

13:0311.03.2023
0
46997

Bu barada 10-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýdyldy.

Mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komiteti tarapyndan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek meselesi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Türkmenistanda ilkinji gezek geçirmegi meýilleşdirýän bu çäresiniň gün tertibine laýyklykda, halkara gatnatmalarda üstaşyr daşamalary ösdürmek, Halkara demir ýol ýük gatnatmalary baradaky Ylalaşygy kämilleşdirmek, demir ýol ulagy arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly we beýleki meselelere garamak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ösen demir ýol düzümli iri halkara üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezleriniň biri bolup durýandygyny hem-de ulag ulgamynda daşary ýurtlar we halkara düzümler, şol sanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän bu duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň