Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary Birleşen Arap Emirliklerinde Hytaýyň Olimpiýa ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Örän çekeleşikli geçen bu duşuşyk «Ahalyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşygyň şu gün Şarja şäherindäki «Hamriýa» sport-medeniýet merkeziniň futbol meýdanynda geçirilendigini habar berýäris.
Toparlar üç günden soň ýene bir gezek duşuşarlar ― diýip, «SR9 Event Managementiň» metbugat gullugy habar berýär.
«Ahalyň» BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy mart aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.
Türkmenistanyň çempiony bu ýerde täze möwsüme we AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlanýar.