Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji onlugyndan orun aldy

18:3209.03.2023
0
48853

Türkmenistan dünýäde benziniň iň arzan döwletleriniň hataryndan orun aldy. Bu barada «Global Petrol Prices» kompaniýasynyň seljermelerine salgylanyp, daryo.uz habar berýär.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda benziniň bir litri 0,428 amerikan dollaryna barabar bolup, bu ugurda dünýäde sekizinji orundan ýer aldy. Şeýle-de Türkmenistandaky benziniň 1 litriniň bahasynyň dünýädäki ortaça bahadan 3 essä golaý arzandygyny bellemek gerek.

Reýtingde benziniň iň arzan ýurdy hökmünde Wenesuelanyň (1 litriň bahasy 0,016 amerikan dollary) ady getirilýär. Benziniň iň gymmat ýurdy bolsa Gonkong (1 litriň bahasy 2,942 amerikan dollary) hasaplanýar. 2023-nji ýylyň fewral aýynyň jemleri boýunça toplanan maglumatlar häzirki wagtda dünýäde 1 litr benziniň ortaça bahasy 1,30 amerikan dollaryna barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň