Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Çili Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Rodrigo Enrike Arkosyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ilçä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny belledi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Syýasy-diplomatik ugry boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde taraplar daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeleriň geçirilmeginiň, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň guralmagynyň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Bu ugurda Çili tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň kararnamalaryna awtordaşlygy üçin minnetdarlyk bildirildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, diplomatlar Aşgabada we Santýago degişlilikde söwda wekiliýetleriniň saparlaryny guramaga gyzyklanmany beýan etdiler.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde Türkmenistanda Latyn Amerikasynyň medeniýet günleriniň geçirilmeginiň mümkinçiliklerine seredildi.