Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Halkbank» PTB «Mobil bank» hyzmatynyň hasaba alnan ulanyjylarynyň sany boýunça öňdeligi eýeleýär

16:4707.03.2023
0
37891

Türkmenistanda «Mobil bank» hyzmatynyň hasaba alnan ulanyjylarynyň sany boýunça «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öňdeligi eýeleýär. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky habar berýär.

2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli «Halkbankda» bu hyzmat boýunça hasaba alnan 16 müň 340 ulanyjynyň bardygy bellenildi. Ikinji orunda «Türkmenistan» banky (13 müň 820 ulanyjy), üçünji ýerde «Daýhanbank» (12 müň 425 ulanyjy) bar.

Welaýatlaryň arasynda bu hyzmatdan peýdalanýanlaryň köplügi Mary welaýatynyň ulanyjylarydygyny bellemek gerek (16 197). Bu sanawda Lebap welaýaty ikinji (16 138), Aşgabat şäheri bolsa 13 264 ulanyjy bilen üçünji orunda durýar.

Türkmenistandaky banklaryň 2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli «Mobil bank» hyzmatynyň hasaba alnan ulanyjylarynyň sany boýunça reýtingi:

  • «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky — 16 340;
  • «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky — 13 820;
  • «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky — 12 425;
  • «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky — 9 201;
  • «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky — 9 197;
  • «Türkmen-Türk» paýdarlar täjirçilik banky — 1 294;
  • «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky — 254.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň