Halkara hokkeý federasiýasy dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «B» toparçasynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň senenamasyny kesgitledi. Duşuşyklar 17 ― 23-nji aprel aralygynda Günorta Afrika Respublikasynda geçiriler.
Indiki ýyl «A» toparça çykmak ugrundaky göreş 5 ýygyndynyň arasynda geçiriler. Olar Lýuksemburgyň, Tailandyň, Taýwanyň, Türkmenistanyň we GAR-yň milli ýygyndylarydyr.
Türkmen hokkeýçileri dünýä çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny 17-nji aprel güni GAR-yň ýygyndysy bilen geçirer. Baýram Allaýarowyň şägirtleri 18-nji aprelde Lýuksemburgyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Türkmen ýygyndysynyň 20-nji apreldäki garşydaşy Tailandyň, 23-nji apreldäki garşydaşy bolsa Taýwanyň ýygyndylary bolar.
Duşuşyklaryň ählisi Keýptaun şäherindäki «Buzly stansiýa» sport toplumynda geçiriler.Bu toplum 2000-nji ýylda açylyp, ulanmaga berlipdi.
Duşuşyklaryň doly tertibi bilen IIHF-niň resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.