Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly G.Garaýew bilen Tatarstan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.Minnulliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada konsullygyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda taraplaryň saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagyndaky netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellendi. G.Garaýew öz gezeginde taraplaryň arasyndaky lukmançylyk pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň üstünde aýratyn durup geçdi. Şu nukdaýnazardan, Tatarstanyň «TatKhimPharmPreparaty» paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenilmelidir.
Tatarstan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň iki halkyň bähbitleriniň ileri tutulmasy boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 15-16-njy martynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Şol bir wagtyň özünde, taraplar lukmançylyk işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak arkaly ylmy we amaly hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de okaň: