Soňky habarlar

Arhiw

«Gazpromyň» başlygy Miller Tährana bardy

01:2001.03.2023
0
30779

Russiýanyň «Gazprom» döwlet edarasynyň başlygy Alekseý Miller düýn, 28-nji fewralda Tährana bardy diýip, «Tasnim News Agency» habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Habarda Milleriň EYR-niň Nebit ministrliginiň ýolbaşçysy Jawed Ouji ýa-da onuň orunbasarlarynyň biri bilen duşuşjakdygy aýdylýar.

Milleriň saparynyň esasy maksadynyň «Gazpromyň» Eýranyň nebitgaz pudagy bilen hyzmatdaşlygynyň «Ýol kartasyny» düzmekden ybaratdygy habarda bellenýär.

Öň Alekseý Miller rus gazynyň Aziýanyň bazarynda uly geljeginiň bardygyny gürrüň beripdi. Häzirki wagtda onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy Hytaýa «Sibiriň güýji» turbageçirijisi arkaly tebigy gaz eltýär. Gazgeçiriji boýunça akdyrylan gazyň mukdary geçen 2022-nji ýylda 15,4 milliard kubmetre deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň