Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň täze edara dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, gözden geçirmek we baha bermek boýunça BMG-niň we onuň degişli düzümleriniň tehniki missiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG hem-de onuň degişli düzümleriniň Arkadag şäherine gelip görmek we oňa baha bermek boýunça teklibi kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Tehniki missiýanyň agzalary «akylly şäher» konsepsiýasyna, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan we şäheriň dolandyrylmagyny üpjün edýän ýeke-täk ekosistemanyň döredilendigini, Arkadag şäheri bilen tanyşlygyň netijeli geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.
BMG-niň tehniki missiýasynyň agzalary Arkadag şäherine ýokary baha berdiler hem-de bu döwrebap şähere girizilen desgalaryň dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy standartlaryna, hususan-da ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologiki öndürijiligine ýokary baha berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar tehniki missiýanyň barşynda öňde goýlan teklipleriň ýerine ýetirilmegi üçin ýol kartasynyň talaplaryny bermäge ylalaşdylar.