Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Maglumat üçin belläp geçsek, Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa mundan öň ozalky Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.