«Galkan» sekizinji gezek hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

10:0725.02.2023
0
22766

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ornuny hiç bir garşydaşyna bermeýän çempiony ― «Galkan» hokkeý topary nobatdaky gezek ýurduň çempionatyny birinji orunda tamamlady.

Türkmenistanyň IIM-niň topary bu üstünligini möwsümiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda gazandy. «Galkan» soňky tapgyrda Goranmak ministrliginiň «Watançy» toparyny 8:1 hasabynda ýeňdi.

Türkmenistanyň milli hokkeý federasiýasy ýurduň 8-nji çempionatyna 2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda badalga berdi. Dört aýlawdan ybarat bolan ýaryşa «Galkan» bilen «Watançydan» başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan», IIM-niň institutynyň «Nesil», Serhet institutynyň «Merdana» toparlary hem gatnaşýar.

Milli çempionatyň ähli duşuşyklary 2014-nji ýylda açylan «Galkan» gyşky sport toplumynda geçirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Baýram Allaýarow tarapyndan tälim berilýän «Galkan» hokkeý topary bassyr sekiz gezekden bäri Türkmenistanyň çempiony bolup gelýär. Toparyň hokkeýçileriniň 95 göterimi Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem agzalarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň