Natalýa German Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmündäki işini tamamlaýar. Ol özüniň syýasy missiýasyny mundan beýläk täze bellenilen wezipesinde — BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesinde dowam etdirer.
Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. 22-nji fewralda bolsa Natalýa Germanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşyklary boldy.
Duşuşyklaryň barşynda soňky ýyllarda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalary durmuşa geçirmek babatdaky işleriň depgininiň güýçlendirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň orny barada pikir alşylyp, türkmen döwletiniň başlangyçlary esasynda BMG-niň dürli ýyllarda kabul eden Kararnamalarynyň ähmiýeti, Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygy nygtaldy. Bulardan başga-da, köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň «Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy» başlangyjy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy ýaly mehanizmleriniň döredilendigi we üstünlikli işleýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
22-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde türkmenistanly zenan ýolbaşçylaryň Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen geçirilen duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna ygrarlylyk tassyklanyldy. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde üstünlikli geçiren çärelerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň goldaw we aýratyn üns berendigi uly hoşallyk bilen nygtaldy.
Öz gezeginde, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German ýolbaşçylyk eden diplomatik wekilhanasynyň işine 5 ýylyň dowamynda goldaw berendikleri hem-de köpugurly hyzmatdaşlyga döredilen şertler üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine, onuň abraýynyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw beriljekdigi nygtaldy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German merkeziň bäş ýylyň dowamynda geçiren işleriniň jemlerine gysgaça syn berdi.
— Ak mermerli Aşgabatda indi 15 ýyl bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýerleşýär. Şu döwrüň dowamynda biz ägirt uly goldawy, ilkinji nobatda, hormatly Arkadag tarapyndan ýardam berilmegini duýduk. Hormatly Arkadag men şu wezipämde işe başlanymda, ýurda ýolbaşçylyk edýärdi, şeýle hem biziň işimize hormatly jenap Prezident uly üns berýär we sebit merkeziniň başlangyçlaryny, tekliplerini hemişe goldaýar. Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
...Men we meniň kärdeşlerim bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda bolmak bilen, hakykatdan-da, uly goldawy duýduk. Ýene birnäçe günden men myhmansöýer Türkmenistandan gidýärin hem-de meniň kalbym Türkmenistanyň halkyna, hormatly Arkadaga we ýurduň Prezidentine, Daşary işler ministrligindäki ýakyndan işleşen kärdeşlerime hoşallyk duýgularyndan püre-pür.
Men uly şatlyk bilen myhmansöýer Türkmenistana hemişe gelip duraryn. Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli türkmen halkyna asuda asmany, abadançylyk, bagt we gülläp ösüş arzuw edýärin — diýip, Natalýa German belleýär.