Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda dümew wirusyny doly genomly sekwenirlemegiň usullary öwrenilýär

10:0223.02.2023
0
43095

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki A.Smorodinsew adyndaky Dümew ylmy-barlag institutynyň hünärmeni, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň maslahatçysy Artýom Fadeýew Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölüminde dümew wirusyny doly genomly sekwenirlemek boýunça amaly okuw sapaklaryny geçdi. Bu sapaklar 9 — 18-nji fewral aralygynda geçirildi diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şeýle-de dümew wiruslarynyň genomynyň täze nesil sekwenirleme barlagy netijesinde döredijileriň «Oseltamiwir», «Fawipirawir» we «Baloksawir» ýaly wirusa garşy derman serişdelerine ýokary duýujylygynyň, emma «Rimantadin» wirusa garşy derman serişdesine bolsa pes duýujylygynyň bardygy kesgitlenildi.

Barlaglaryň netijesinde alnan maglumatlar Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyk merkezi bolan GISAID (Global Initiative on Sharing Avian Influenza Data), ýagny dümewi we COVID-19 ýüze çykarýan wiruslarynyň genomy boýunça Global başlangyjynyň ylmy maglumatlar binýadyna girizildi.

Häzirki wagtda agzalan bu ylmy başlangyç dümew we SARS-CoV-2 wirusynyň sekwenirleme maglumatlary boýunça dünýädäki iň uly çeşmeleriň biri bolup durýar. GISAID ylmy çeşmesi dümew we SARS-CoV-2 wirus görnüşleriniň ýüze çykarylmagynda bioinformatika usuly arkaly olaryň filogenetikasyny, şeýle hem alnan maglumatlar esasynda wirusa garşy derman serişdelerine duýujylygyny öwrenmäge ýardam berýär.

Häzirki wagtda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölüminiň barlaghanasynda dümew wirusyny diňe polimeraz zynjyrly reaksiýa barlaglaryny giňden ulanmak bilen çäklenmän, öýjükleriň ösdürilip ýetişdirilmegi arkaly alnan nusgalyklarda wiruslaryň mukdaryny köpeltmek bilen anyklamaga mümkinçilik berýän öýjük kulturasy barlag usuly arkaly hem degişli barlaglar geçirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, merkeziň referens barlaghanaly wirusologiýa bölüminde alnyp barylýan bu wezipeleriň halkara derejede ykrar edilmegi we dümew wirusynyň sekwenirlenmegi boýunça barlaghana barlaglarynyň ornaşdyrylmagy geljekde Türkmenistanda ähli ýokanç keselleri döredijileri anyklamak boýunça işleriň halkara ülňülere laýyklykda amala aşyrylmagyna ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň