Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň açylyşynda «Galkynyş» simfoniki orkestri hem çykyş eder

12:5722.02.2023
0
45595

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergerden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenisanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Bu hat «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Neda Berger hatynda, ilki bilen, Türkmenisanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar. Onuň belleýşi ýaly, munuň özi tutuş Türkmenistan üçin, hususan-da, «akylly» ýaşaýyş jaýlary, häkimligiň binasy, drama teatry, Ruhyýet köşgi, Halkara atçylyk akademiýasy we beýleki edaralary bolan bu ajaýyp şäherde ýaşajak ilat üçin aýratyn guwandyryjy wakadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenisanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu täze, iri taslamanyň amala aşyrylmagyna yzygiderli üns berýär hem-de uly şahsy goşandyny goşýar.

— Öz halkynyň rowaçlygy barada alada edýän Milli Liderine türkmen halky tüýs ýürekden buýsanýar. Görnükli döwlet işgäri hökmündäki syýasatyňyz we halkyňyz baradaky aladaňyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 2009-njy ýylyň maýynda Siziň başlangyjyňyz boýunça döredilen, türkmen we awstriýa sazandalarynyň Ýewropadaky ýeke-täk bilelikdäki orkestrine — «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine 14 ýyl dolýar. Täze Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny şu orkestriň çykyşlary hem bezär diýip umyt edýäris — diýip, Neda Berger hatynda nygtaýar.

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň hatynyň ahyrynda onuň «akylly» Arkadag şäherine bagyşlap ýazan täze goşgusy hem beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň