Türkmenistanda öndürilip, awtoulag bilen Belarusa iberilen pomidorlar Minskdäki «Gippo» supermarketler ulgamynyň tekjelerinde peýda boldy.
«Arzuw News»-yň habaryna görä, pomidorlary Türkmenistandan import etmek karary hemişe ýokary hilli öňüme isleg bildirýän Belarus alyjylary tarapyndan oňyn kabul edildi.
Häzirki wagtda «Gippo» söwda ulgamy bütin Belarus boýunça 27 sany döwrebap dükany öz içine alýar. Olaryň arasynda giň gerimli gipermarketler, supermarketler, öýleriň golaýynda ýerleşýän amatly dükanlar bar.
Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylda Türkmenistan daşary ýurtlara 104 müň tonna pomidor eksport edipdi.
Türkmenistanda pomidor ýaly ýyladyşhana gök önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 712 gektar teplisa meýdany bölünip berildi. Ösümliklere ideg etmegiň innowasion usullary pomidorlary bütin ýylyň dowamynda ýetişdirmäge kömek edýär.