Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäher kazyýetiniň başlygyny we kazylaryny wezipä belledi

21:4221.02.2023
0
33869

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Maksat Hojamyradowiç Herräýew Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.

Tuwakmämmet Gurbanseýidowiç Gurbanseýidow bolsa Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi.

Şeýle-de Annajahan Gurbanmyradowna Orazowa Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň