Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow Täjigistanyň «Hujand» futbol topary bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy bu barada Sports.tj saýtyna beren interwýusynda aýtdy.
— Hakykatdanam, men «Hujanda» goşuldym. Ýakynda biziň Özbegistanda okuw-türgenleşik ýygnanyşygymyz bar. Onuň çäklerinde 22-nji fewral güni AGMK topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçireris. Meniň täze toparym Daşkentde boljak ýygyna eýýäm taýýarlyk görüp başlady ― diýip, Muhadow gürrüň berdi.
Muhadowyň täze toparynda uly maksady bar. Ol Täjigistanyň çempiony bolmak isleýär.
Süleýman Muhadow ― Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň uçyrymy. Ol meşhur türkmen hüjümçisi Çaryýar Muhadowyň ogludyr.
29 ýaşly futbolçy Türkmenistanda HTTU, «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynda çykyş etdi. HTTU bilen 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň kubogyny gazanan Muhadow şol möwsümde bu ýaryşyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi.
Süleýman Muhadow 2012-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan bäri Türkmenistanyň milli ýygyndysynda hem birnäçe duşuşyk geçirdi. 2019-njy ýylda Täjigistanyň «Istiklolynda» hem gözden geçirilen futbolçy käbir sebäplere görä, karýerasyna dört ýyllyk arakesme bermeli boldy.
Muhadowyň täze topary adybir şäherde 1976-njy ýylda esaslandyryldy. Topar 1992-nji ýyldan bäri arakesmesiz Täjigistanyň çempionatynyň iň ýokary ligasynda çykyş edip gelýär. Ol bäş gezek ― 1998, 2002, 2008, 2017, 2021-nji ýyllarda ýurduň Kubogyna mynasyp boldy.