Gurbanguly Berdimuhamedow Alekseý Owerçuk bilen duşuşdy

22:1417.02.2023
0
30437
Gurbanguly Berdimuhamedow Alekseý Owerçuk bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Alekseý Owerçuk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň hem-de Hökümetiniň Başlygynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, strategik we köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de, öz gezeginde, Russiýanyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny, ähli ugurlar boýunça giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. «Bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze, döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak barada birnäçe resminamalara gol çekendigini belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine berýän hemişelik ünsi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi. Şeýle-de Russiýanyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady, söwda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Alekseý Owerçuk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary bilen baglylykda, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary, hususan-da, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, bu ugurda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki tarapyň hem hoşniýetli erki bilen mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň