«S7 Airlines» Moskwadan Aşgabat şäherine göni yzygiderli gatnawlar üçin howa petekleriň satuwyny açdy. Ozal habar berşimiz ýaly, ilkinji uçuş 20-nji fewralda bolar.
Ondan öň awiakompaniýa Moskwadan diňe Türkmenbaşy şäherine (Balkan welaýaty) uçuşlary amala aşyrýardy.
Moskwadan Aşgabat şäherine bir taraplaýyn petekleriň bahasy goş-golamsyz 22 müň 348 rubl, goş-golam bilen 27 müň 868 rubldyr (2023-nji ýylyň 17-nji fewralyndaky ýagdaýa görä).
Uçuşlar hepdede bir gezek duşenbe güni «Airbus A320» uçary bilen amala aşyrylar.
Moskwadan uçuş wagty ýerli wagt 03:05-de bolup, Aşgabat şäherine gonuş wagty ýerli wagt 09:05-de bolar.
«S7 Airlines»-iň uçuşlary üçin petekleri s7.ru web sahypasyndan, iPhone we Android programmalaryndan we ähli satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz.
«S7 Airlines»-iň pandemiýa sebäpli iki ýyl töweregi arakesmeden soň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny täzeden başlandygyny bellemelidiris.