«Samsung» ähli smartfonlarynda gaýtadan işlenen plastik ulanar

17:0314.02.2023
0
32210
«Samsung» ähli smartfonlarynda gaýtadan işlenen plastik ulanar
Surat: samsung.com

«Samsung» kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli ähli smartfonlarynyň önümçiliginde gaýtadan işlenen plastigi ulanmakçydygyny habar berdi. Bu barada «Yonhap» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Samsung» smartfonlarynyň bir böleginde gaýtadan işlenen plastigiň eýýämden peýdalanylýandygy bellidir. Mysal üçin, «Galaxy S23 Ultra» smartfonynda şeýle düzüm bölekleriň 12-si ulanylýar, olar gaýtadan işlenen balyk torlaryndan we gaplardan ýasalandyr.

Şeýle hem eltelefonlar üçin gapyrjak hem gaýtadan işlenen kagyzdan öndürilendir. «Samsung» kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli öz gajetlerini gaplamakda plastikden doly ýüz öwürmekçi bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň