Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen BAE energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýar

22:1012.02.2023
0
21593

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE resmi saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu Dhabi bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Şeýle hem habarda BAE-niň wekilleriniň Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini hem-de türkmen halkynyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň