Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar

11:3711.02.2023
0
61584

1. Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi. Ynsanperwer kömegiň täze tapgyry güýçli ýertitremede ejir çeken çagalara we olaryň maşgala agzalaryna berler.

2. Türkmenistanda 2022-nji ýylyň iň gowy etraby saýlanyldy. Bu derejä Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidenti bu etraby $1 mln möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýrugaa gol çekdi. Pul serişdeleri Türkmenistanyň Altyn asyrynyň Döwlet ösüş gaznasyndan bölünip berler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda täze bäsleşigi yglan etmek baradaky Buýruga gol çekdi.

3. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy ýertitremäniň merkezi bolan Kahramanmaraş şäherinde iki sany ýertitreme zolagynda ejir çekenlere kömek ýygnamak üçin hasap açdy. Betbagtçylyk Türkiýäniň on welaýatyna täsir edip, 17 müňden gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy. Türkiýäniň diplomatik missiýasy «Türkmen-türk banky» PTB-de daşary ýurt walýutasynyň hasabynyň açylandygyny habar berdi.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow Şahym Abdrahmanowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň täze wise-premýeri wezipesine 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesini ýerine ýetiren Aşyrguly Begliýew bellenildi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gurluşyk, senagat we elektroenergetika meselelerine gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Pürçekowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Baýmyrat Annamämmedow gurluşyk, senagat we elektroenergetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň täze wise-premýeri wezipesine bellenildi.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak boýunça işler geçirdi. Döwlet Baştutany Muhammetgeldi Serdarowy, başga işe geçmegi sebäpli, maliýe we ykdysadyýet ministri, şeýle hem Bütindünýä bankynda Türkmenistanyň dolandyryjysy wezipelerinden boşatdy. Bu wezipä täze ministr hökmünde ozal maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesini eýelän Serdar Joraýew bellenildi.

7. Türkmenistanda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döredildi.

Bu akademiýanyň rektory wezipesine meşhur türkmen seýsi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew bellenildi.

Dünýäde

8. Belarusda pensiýa derejesini yzarlamak üçin ykjam programma işe girizildi. Indi işgäriň özi iş berijiniň gazna gatançlaryny nädip geçirýändigine we ätiýaçlandyryş möhletiniň nähili hasaplanýandygyna gözegçilik edip biler. Ykjam hyzmatlar ulgamynda soňky 20 ýylyň maglumatlary saklanýar. Menýuda iş ýerleriniň sanawy, ätiýaçlandyryş derejesi, elektron şahadatnama ýerleşdirilendir.

9. BAE-niň AbuDabi we Eýranyň Bender-Abbas portlarynda Gyrgyzystanyň gümrük nokatlary açylar. Respublikanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Japarow giňişleýin mejlisiň dowamynda Pars aýlagynyň deňiz portlarynda gyrgyz gümrük nokatlaryny açmak barada görkezme berdi. 5-7 ýyldan bolsa Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýoly hereket edip başlar.

Sport habarlary

10. Halkara Futbol federasiýasy 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgär üç adamyň adyny yglan etdi. Gysga sanawda «PSŽ-niň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi, onuň fransuz topardaşy Kilian Mbappe, şeýle hem «Realyň» we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Karim Benzema bar. Baýragyň ýeňijisi 27-nji fewralda Parižde geçiriljek dabarada yglan ediler.

11. Italiýanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Milan» «Torinodan üstün çykdy. «San-Siro» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk pökgini fransuz hüjümçisi Oliwýe Žiru tora girizdi. 62-nji minutda fransuz goragçysy Teo Ernandez jerime meýdançasyna pas geçirdi, onuň watandaşy bolsa kellesi bilen pökgini sag burça urdy. «Milan» ähli ýaryşlarda ýeňiş gazanmazdan geçiren ýedi duşuşygyndan we yzly-yzyna üç ýeňlişden soň bu şowsuzlyklara nokat goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň