Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy ýertitremesinde ejir çeken ýaşaýjylara kömek bermek üçin hasap açdy

12:0710.02.2023
1
48130

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkiýäniň Kahramanmaras şäherinde ýer titremesiniň merkezi bolan iki ýertitremesinde ejir çekenlere kömek ýygnamak üçin hasap açdy.

Betbagtçylyk hadysasy Türkiýäniň on welaýatyna täsir edip, 17 müňden gowrak adamyň aradan çykmagyna sebäp boldy.

Türk diplomatik wekilhanasy «Türkmen-türk» paýdarlar täjirçilik banky bilen daşary ýurt walýutasynyň hasabynyň açylandygyny habar berdi. ABŞ-nyň dollarynda berlip bilinjek kömek Türkiýe Hökümetiniň adatdan daşary ýagdaý dolandyryş gullugyna (AFAD) iberiler.

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýedi baldan köpräk ululykda iki ýertitremesiniň bolandygyny ýatladýarys (ýerli wagt bilen 04:17 — 7,7 bal we 13:24 — 7,6 bal). Weýrançylykly ýertitremesi goňşy ýurtlarda, şol sanda Siriýa, Liwan, Kipr we Yrakda-da duýuldy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tebigy betbagtçylykda ejir çekenler üçin ýedi günlük ýas tutulýandygyny yglan etdi. Ýas yglan edilmegi bilen baglanyşykly, 12-nji fewral, ýekşenbe güni gün ýaşýança Türkiýäniň hemme ýerinde we ýurduň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda döwlet baýdaklary ýarysyna çenli aşak düşürildi.

ABŞ-nyň dollarynda ýörite haýyr-sahawat hasaby

«Türkmen-türk» paýdarlar täjirçilik banky (Aşgabat, Türkmenistan)

Hasap: 23203840273172101909000

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Crazy_gu ( 10.02.2023 )

А можно счет не валютный а манатный или передать как ни будь. Я не богатый но поделился бы небольшими сбережениями. Простой народ тоже бы пожертвовал было бы неплохо. каждая семья даже минимум по 100 манат и более даст итого прилично соберется.

6