Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany Şahym Abdrahmanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşatdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu wezipä Aşyrguly Begliýewi belledi we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy.
Şahym Abdrahmanow 2021-nji ýylyň fewral aýynda wise-premýer wezipesine bellenilipdi.