Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany täze taryhy döwürde Türkmenistany 2022 —2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek baradaky Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň garamagyna berildi.