Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ç.Pürçekowy wise-premýer wezipesinden boşatdy

21:2310.02.2023
0
65400

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, bu wezipä senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň