Bu barada şu gün 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» hem-de 2022 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak, ýurdy durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen gol çeken Buýrugyna laýyklykda, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2022-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.
Soňra tassyklanan Tertip boýunça döredilen Topar tarapyndan degişli işler geçirildi.
Bäsleşigiň jemleri bilen baglanyşykly geçirilen işlerde ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleri tarapyndan hödürlenen esasy şu ugurlar boýunça görkezijiler, ýagny:
― «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi;
― galla we pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi;
― durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalaryň gurluşygy;
― ilatyň durmuş goraglylygy hem iş bilen üpjün edilişi;
― ekologiýa, çäkleri bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ýerleriň
melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylyşy;
― ylymly-bilimli, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak meseleleriniň üstünlikli çözülişi;
― Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatlarynyň wagyz-nesihat edilişi ýaly görkezijiler seljerildi.
Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, agzalan Topar Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyny 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek hakynda netijä geldi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýyldaky ýokary görkezijileri boýunça agzalan bäsleşikde ýeňiji bolan Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyny 1 million amerikan dollary bilen sylaglamak baradaky Buýruga gol çekdi.
***
Habar berşimiz ýaly, şu gün 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 2022-nji ýyl boýunça Türkmenistanyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilendigi barada aýdyldy.
Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýyldaky ýokary görkezijileri boýunça degişli bäsleşikde ýeňiji bolan Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky Buýruga gol çekdi.