Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanyny Muhammetgeldi Serdarowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşadyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, bu wezipä ozalky maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Serdar Joraýewi belledi.