Turkmenportal logo
10.02.23
6435364353
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pygy Baýramdurdyýew Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory wezipesine bellenildi

Habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi.


Şeýle-de mejlisiň barşynda döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory wezipesine bellenildi.