Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe we Siriýa ýertitremelerinde diri galanlaryň haýran galdyryjy taryhlary

18:0210.02.2023
0
47316
Türkiýe we Siriýa ýertitremelerinde diri galanlaryň haýran galdyryjy taryhlary
Surat: ru.famagusta.news

Türkiýede we Siriýada bolan elhenç ýertitremelerde diri galanlary tapmaga bolan umyt gözüň alnynda eräp barýar, soňky maglumatlara görä, pida bolanlaryň sany 17 müňe ýetdi. Düýn irden 72 sagatlyk «mümkinçilikleriň penjiresi» ýapyldy, heläkçilikden soňky ilkinji üç güni şeýle atlandyrýarlar, hut şu möwritde halas edijileriň diri adamlary tapmaga mümkinçiligi bolýar.

Halas edijiler häzir wagt bilen aýgytly göreş alyp barýarlar, çirim etmän işleýärler, oda çoýunýarlar

Gudrat bilen aman galan çagalaryň, hatda öý haýwanlarynyň taryhyny «News.ru» gürrüň berýär.

Körpeje Aýýa

Aýýa doglanda ýetim galdy, onuň ähli dogan-garyndaşlary, hatda ejesi-de ýertitremede heläk boldy. Hernä, gyzjagaz ýaşar.

Siriýanyň Aleppo şäherindäki ýykylan öýüň harabalarynyň astynda dünýä inen körpeje durmuşyň ölümi ýeňýändiginiň hakyky simwolyna öwrüldi. Indi onuň ykbaly bütin dünýäni tolgundyrýar.

Ýertitreme başlananda, göwreli Afraa agyr şikes aldy, bu bolsa göwresindäki bäbegiň wagtyndan öň dogulmagyna sebäp boldy. Bäbegiň agysyny eşidenler dessine kömege ylgadylar. Olar bilen birlikde bäbegiň garyndaşy Halyl al-Suwadi hem ylgady. Körpejäniň gudrat bilen halas bolşy internetde ýyldyrym tizliginde ýaýrady. Aýýany ýykylan diwaryň aşagyndan alanlarynda, onuň göbegi heniz enesi bilen baglydy.

«Biz bäbegiň üstündäki harsaňlary aýranymyzda, onuň göbegi henizem ejesi bilen bagly eken. Göbegini kesdik, soňra çagany ýapynja doladyk, sebäbi howa sowukdy, soňra ony hassahana äkitdik» diýip, bäbegiň ýalňyz garyndaşy Suwadi gürrüň berýär.

Çagany goňşy Afrindäki hassahana eltdiler, gyzjagazy lukmanlar dessine gözegçilige aldylar. Bäbegiň tutuş bedeni sypjyrykdy, maňlaýjygy we barmajyklary sowukdan ýaňa göm-gök bolupdyr, doňan çep ýumrujagyny hasa bilen daňmaly boldy. Indi onuň janyna howp abananok. «Gyzjagazyň birnäçe gapyrgasy-da döwlüpdir, emma gaýgy etmäň, ol ýaşar» diýip, pediatr Hani Maaruf gürrüň berýär.

Gyzjagaza eýýäm at dakdylar, «Al-Jazira» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, hassahanyň işgärleri oňa Aýýa diýip at berdiler, bu «gudrat» diýmegi aňladýar. Aýýa gol doly maşgalada diri galan ýeke-täk çaga, onuň ejesidir kakasy, dört agasy we uýasy, daýzasy gurban boldy. Olaryň jesetlerini harabadan çykardylar.

Pişik bilen aglaýan itiň taryhy

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe adamlaryň däl, eýsem, öý haýwanlarynyň, hatda guşlaryň hem halas edilişini gürrüň berýär.

Gudrat diýäýmeli wakalaryň biri Türkiýäniň Gahrymanmaraş ülkesinde boldy, ol ýerde jaý ýykylandan 55 sagat geçensoň, on üç ýaşly Beraty halas etdiler, oglanjyk şunça wagtlap öz totuguşyny gujagyndan goýbermän saklapdyr.

Oglanjygy halas edenlerinde, ol gujagyndaky totuguşuny daýzasyna berdi. Gözýaşyny saklap bilmeýän aýal guşjagazy çörek owuntyjaklary bilen iýmledi, suw içirdi. Daýzasy hem aglaýardy, hem-de çaganyň we onuň guşjagazynyň aman galandygy üçin yzyny kesmän Ýaradana alkyş okaýardy.

Harabalygyň astyndan çykarylan pişigiň aglaýan iti gujaklaýşy hemmeleri tolgundyrdy. Olaryň suratydyr wideosy dessine internetde dünýä doldy.

Gözleg-halas ediş işleri göýä wagt bilen tutluşyga meňzeýär. Gijelerine käbir etraplarda howa -15 gradus derejede sowaýar. Şeýle şertlerde diri galmaga mümkinçilik juda az. Emma siriýaly we türkiýeli halas edijiler beýleki ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen bilelikde gijelerine-de arakesmesiz işleýärler. Mysal üçin, «Habertürk» teleýaýlymynyň habarçysy Mehmet Akif Ersoý göni ýaýlymda Hataýdaky ýagdaýyň nähilidigini görkezdi. Ersoý operatorlardan kameralaryň çyrasyny birnäçe sekuntlyk öçürmegi haýyş etdi, hemmeler gözleg işleriniň hatda gözedürtme gijede-de dowam edýändigine ynandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň