Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenulaggözegçilik» kärhanasy resmi saýtynyň domenini üýtgetdi

13:4310.02.2023
0
55683

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy resmi saýtynyň domenini tugdk.gov.tm edip üýtgetdi.Ozal resmi çeşme ulaggozegchilik.gov.tm domeninde ýerleşdirilýärdi.

Ýatlatsak, «Türkmenulaggözegçilik» kärhanasy 1994-nji ýylyň fewralynda döredilipdi. Kompaniýa Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak, üstaşyr we eksport-import ýüklerini ýükleri iberijiden ýükleri kabul edijä ulagyň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini ulanmak arkaly daşamak üçin logistika çözgütlerini işläp düzýär hem-de dolandyrýar.

Mundan başga-da, «Türkmenulaggözegçilik» kärhanasynyň hünärmenleri ilatyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ýüklerini daşamak bilen baglanyşykly hyzmatlar bazarynyň işine gözegçilik edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Aşgabat, Arçabil şaýoly, 126-njy jaý;
  • (+993 12) 39 02 51.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň