Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar ýapyk binalardaky Aziýanyň çempionatynda çykyş ederler

10:1210.02.2023
0
15887

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýeňil atletika boýunça Aziýanyň ýapyk binalardaky X çempionatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Türkmen ýygyndysy 10-njy fewralda Gazagystanyň Astana şäherinde başlanjak ýaryşyň geçiriljek ýerine bardy.

Gazagystanyň MOK-nyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, yklym ýaryşy üç günüň dowamynda «Gazagystan» sport toplumynyň ýeňil atletika manežlerinde geçiriler. Oňa 500-den gowrak türgen gatnaşar.

Onda Baýmyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygynda türkmenistanly ýeňil atletikaçylaryň bäşisi 60 metr aralyga ylgamak we uzynlygyna bökmek boýunça ýaryşlara wekilçilik ederler.

Bu çempionat GDA agza döwletlerde ilkinji gezek geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň