Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýedäki ýertitremeden ejir çeken Türkmenistanyň raýatlaryna kömek etmek üçin sorag-jogap gullugy açyldy, Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki tutluşygynyň senesi mälim edildi we beýleki habarlar

11:0909.02.2023
0
59126

1. Ýertitreme mahalynda Türkiýede bolan Türkmenistanyň raýatlaryna zerur kömegi bermek üçin sorag-jogap gullugy açyldy. Kömek ýa-da maslahat üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasyna ýa-da Türkmenistanyň Stambul şäherindäki baş konsullygyna ýüz tutup bilersiňiz.

2. Türkiýede bolup geçen weýrançylykly ýertitreme şol döwürde bu ýurtda bolan Türkmenistanyň raýatlaryna-da täsirini ýetirdi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwletimiziň her bir raýatynyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigini aýratyn nygtady.

3. Türkmenistanda Türkiýede bolup geçen weýrançylykly ýertitremede wepat bolanlar hatyralanar. Ýakyn wagtda olaryň hatyrasyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka berler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

4. «Turkmenportal» saýtynda 2023-nji ýylyň başynda güýje giren Türkmenistanyň täze girizilen kanunlaryna syn ýerleşdirildi.

5. Türkmenistan Özbegistandan harytlary, şol sanda tehnikalaryň käbir derejeleri boýunça import ediji ýurtlaryň arasynda ilkinji onluga girýär. 2022-nji ýylda Türkmenistana goňşy respublikadan 2,4 müň telewizor getirildi. Mysal üçin, Russiýa özbek önümçiligine degişli telewizorlaryň 146 müňden gowragy, Azerbaýjana bolsa 48 müň töweregi ýerlenildi.

6. Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2023-nji ýylyň 13-15-nji fewralynda Dubaýda geçiriljek Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşar. Sammite 20 döwletiň hökümetiniň ýolbaşçylarynyň, 250-den gowrak ministriň we 10 müň döwlet işgäriniň, bilermenleriň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň beýleki abraýly şahslarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Dünýäde

7. Ermenistanda internetde ene dilindäki hat alyşmalar meşhurlyga eýe bolýar. 2012-nji ýyldan bäri respublikada internetde ermeni elipbiýiniň güni bellenilýär. Ol 7-nji fewralda bellenýär. Elektron ermeni ýazuw gününi döretmek pikiri işjeňler toparyna degişlidir. Taslamany esaslandyryjylaryň bellemeklerine görä, esasy maksat – adamlara öz hususy ýazuwyny ulanmagy öwretmek. Bu diliň arassalygyny saklamaga we internetde ermeni dilinde tekst ýazylanda latyn elipbiýiniň ýygy-ýygydan ulanylmagy sebäpli ýüze çykýan dürli ýoýulmalary aradan aýyrmaga kömek eder.

8. «Malaysia Airlines» awiakompaniýasy 1-nji martdan başlap Kuala-Lumpurdan Daşkende we yzyna ýolagçy uçuşlaryny dikelder. Uçuşlary «Airbus A330» uçarynda her 10 günden bir gezek amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Sport habarlary

9. «Bellator-yň» türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow litwaly Ýulius Angliskasa garşy tutluşyk geçirer. Dereje ugrundaky tutluşyk «Bellator 292» çempionatynyň ýarymýeňil agram derejesinde 10-njy martda San-Hose şäherinde geçiriler. Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator» söweşijisidir we bu guramadaky Türkmenistanyň ilkinji wekilidir. Döwletjanyň häzire çenli görkezen netijelerinde 19 ýeňiş, 7 ýeňiliş we 1 deňme-deň tutluşyk bar. Plunge şäherinde doglan 31 ýaşly Ýulius Angliskas garyşyk söweş sungatynda 13 tutluşyk geçirip, 10 ýeňiş gazandy.

10. «Los Anjeles Leýkersiň» hüjümçisi Lebron Jeýms Karim Abdul-Jabbaryň rekordyny täzeledi we Milli basketbol assosiasiýasynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň