Turkmenportal logo
08.02.23
5315153151
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistandan telewizor import etmekde öňdäki hatarlardan orun aldy
Türkmenistan Özbegistandan telewizor import etmekde öňdäki hatarlardan orun aldy
Surat: smlider.ru

Türkmenistan 2022-nji ýylda Özbegistandan telewizor import etmekde öňdäki hatarlardan orun aldy. Has takygy, geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Özbegistanda öndürilen 2 müň 400 sany telewizor Türkmenistana eksport edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda 7-nji ýerden orun aldy.


Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Özbegistan umumy bahasy 43,4 million amerikan dollaryna deň bolan 237,1 müň telewizory daşarky bazarlara ugradypdyr. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 esseden gowrak ýokarlanypdyr. Özbegistandan iň köp telewizor import eden döwlet Russiýa Federasiýasy (146,7 müň) boldy.

Türkmenistan Özbegistandan telewizor import etmekde öňdäki hatarlardan orun aldy | Turkmenportal.com