«Sarayan» HJ Türkmenistanyň kärhanalary üçin ýörite lybaslary we iş eşiklerini taýýarlaýar

09:3509.02.2023
0
42171

«Sarayan» hojalyk jemgyýeti azyk önümçiligi, lukmançylyk edaralary, gurluşyk kompaniýalary, nebitgaz we senagat kärhanalary, oba hojalyk işgärleri, ulag kompaniýalary, bölümler we beýleki pudaklaryň iş ugurlarynyň işgärleri üçin ýörite lybaslary we iş eşiklerini tikmek hyzmatyny hödürleýär.

Kompaniýanyň hünärmenleriniň iş tejribesi iri we çylşyrymly sargytlary ýokary derejede ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär; «Sarayanyň» önümleri birnäçe gezek sergilerde görkezildi we senagat kärhanalarynyň, hyzmatlar ulgamy boýunça guramalaryň, lukmançylyk edaralarynyň wekilleriniň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Kompaniýanyň önümhanasy her aýda 10 müňe çenli ýörite lybas toplumyny öndürýär.

Şeýle hem kompaniýa sargyt edijiniň taslamasy boýunça kärhananyň adyny ýa-da nyşanyny ýerleşdirmek bilen, hususy sargytlary tikmek işini ýerine ýetirýär. Hemişelik müşderiler üçin arzanladyş we sowgat ulgamy hereket edýär.

«Sarayanyň» önümleri bilen kompaniýanyň saýtynda ýa-da sosial ulgamdaky sahypasynda tanşyp, haryt nyşanynyň önümleriniň hiline baha berip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • (+993 65) 68 47 01;
  • (+993 65) 68 47 02;
  • (+993 12) 21 02 17;
  • Faks: (+993 12) 21 02 18.

Elektron poçta salgysy: sarayan@degirmen.group.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň