Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2023-nji ýylyň 13-15-nji fewraly aralygynda Dubaýda (BAE) geçiriljek Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.
Ýeri gelende bellesek, sammite 20 döwletiň Hökümet baştutanlarynyň, 250-den gowrak ministriň we 10 müňden gowrak döwlet işgäriniň, bilermenler we beýleki häkimiýet wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.