Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-Habitat dostlar toparyna goşulýar

12:2708.02.2023
0
55973
Türkmenistan BMG-Habitat dostlar toparyna goşulýar
Surat: yakutia.info

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ilaty ýerleşdirmek boýunça Maksatnamasyna (BMG-Habitat dostlar toparyna), durnukly şäherleşme we Täze şäher gün tertibine goşulýar.

Bu topara Polşa we Zimbabwe ýolbaşçylyk edýär. Ol 2022-nji ýylyň iýunynda Baş Assambleýa bilen Nýu-Ýorkdaky Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň arasynda şäherleşme meseleleri boýunça araçy hökmünde döredildi.

«Newscentralasia»-nyň habaryna görä, Türkmenistanyň topara agza bolmagy aşakdaky ugurlarda goşmaça mümkinçilikleri döreder:

  • köptaraplaýyn gurşawlar arkaly Arkadag şäheriniň taslamasyny wagyz etmek;
  • şähergurluşyk kanunçylygy ulgamynda tejribe alyşmak, şäherleriň durnukly ösüşine goşant goşýan hukuk usulyýetlerini we gurallaryny öwrenmek;
  • ýaşaýyş jaýlarynyň hilini we ilatly ýerleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen halkara çäreleri geçirmek;
  • şäher ykdysadyýetinde döwlet dolandyryşyny gowulandyrmak maksady bilen, ýola goýlan hyzmatdaşlygy güýçlendirmek;
  • ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, sosial taýdan uýgunlaşan şäherleri ösdürmek babatda global maksatnamalary we strategiýalary durmuşa geçirmek.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň