Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda türk baýdagy ýas sebäpli aşak düşürildi

23:5507.02.2023
0
26514

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy ýas sebäpli hem-de ýakynda bolup geçen weýrançylykly ýer titremesinde ejir çekenleriň hatyrasyna Türkiýäniň döwlet baýdagyny ýarysyna çenli aşak düşürdi.

Ýer titremesi irden Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,7 bal derejede boldy. Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň aýtmagyna görä, bu 1939-njy ýyldan bäri iň güýçli ýer titremesi boldy.

Iň soňky maglumatlara görä, Türkiýedäki ýer titremesinde ölenleriň sany 3381, ýaralananlaryň sany bolsa 20 436 adama ýetdi.

Türkiýe ýedi gün milli ýas yglan etdi. Ýas yglan edilmegi bilen baglanyşykly, 12-nji fewral, ýekşenbe güni gün ýaşýança Türkiýäniň hemme ýerinde we ýurduň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda döwlet baýdaklary ýarysyna çenli aşak düşürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň