Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly guraldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, kitap festiwaly bilen utgaşykly geçirilen beýleki çäreler hem işjeň häsiýete beslendi.
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow Balkanabat şäherinde bolup, welaýat merkezindäki durmuş maksatly, medeniýet we bilim desgalaryna baryp gördi hem-de alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Balkan welaýat kitaphanasynda guralan türkmen-amerikan kitap festiwaly ähmiýetliligi bilen tapawutlandy. Kitap sergisi, kitaphananyň bölümlerine gezelenç örän täsirli boldy.
ABŞ-nyň ilçisi welaýat merkezindäki Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň Telekeçiler mekdebiniň Balkan welaýat bölümi we ol ýerde alnyp barylýan okuw sapaklary bilen tanyşdy.
Ilçiniň Balkanabat şäherindäki welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji has-da täsirli boldy. Muzeýde ýerleşdirilen taryhy tapyndylar myhmanda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Şeýle-de ABŞ-nyň ilçisi saparynyň dowamynda welaýat merkezindäki bilim-terbiýeçilik desgalaryna-da baryp gördi we olarda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy.
Balkan welaýatynyň baş metjidine baryp, ilçi bu ýerde metjidiň özboluşly binagärlik aýratynlyklaryny synlady.
Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşyk işjeň häsiýete eýe boldy.