Top.Mail.Ru

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä we Siriýa gynanç hatlaryny iberdi

22:1806.02.2023
0
52290

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Türkiýäniň günorta-gündogar, Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, türk teleýaýlymlarynda ýertitremäniň 7,7 bala deň bolandygy, onuň netijesinde 1651 adamyň ýogalandygy, 11 müň 119 adamyň bolsa ýaralanandygy, 3 müň 471 binanyň ýumrulandygy, 1 hepdelik milli ýas günleriniň yglan edilendigi barada maglumat berilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň