Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň işewürlik pudagynyň wekilleri bowling sporty boýunça bäsleşdiler

18:0805.02.2023
0
37091

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde işewürlik pudagynyň wekilleriniň — Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB), şeýle-de Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň (TSTP) agzalarynyň arasynda bowling sporty boýunça çempionat geçirildi.

Bu çempionaty Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen Türkmenistanyň bowling federasiýasy bilelikde gurady.

TSTB-niň we TSTP-niň agzalaryndan başga hem çempionata «Awtoýoly», «Ýigit», «Miwe», «Ynamdar», «AhalAgropark», «Degirmen Topary», «Saraýan», «Maýam», «Tebigy Agaç», «Weli Gurluşyk», «Samsung Turkmenistan» hem-de «Garly» ýaly ýurduň öňdebaryjy kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Toparlaýyn ýaryşlara gatnaşan hünärmenlere olaryň maşgala agzalary we kärdeş ýoldaşlary giňden goldap berip, janköýerlik etdiler.

Bowling ýaryşlary ýekeleýin we toparlaýyn tertipde geçirildi. Çempionatdaky her ýaryş üç tapgyrdan ybarat bolup, olaryň ýeňijileri toplanan utuklar boýunça iki görnüşde (ýekeleýin we toparlaýyn) kesgitlenildi.

Ýaryşlarda şu gatnaşyjylar ýeňiji boldular:

Toparlaýyn ýaryşda:

1-nji orun — «Tebigy agaç» topary — 1205 utuk;
2-nji orun — «Weli gurluşyk» topary — 1086 utuk;
3-nji orun — «Samsung Turkmenistan» topary — 1054 utuk.

Ýekeleýin ýaryşda:

1-nji orun — Aýmämmedow Muhammet («Tebigy agaç») — 481 utuk;
2-nji orun — Amanmyradow Baýrammyrat (TSTP-niň Aşgabat şäher komiteti) — 444 utuk;
3-nji orun — Gutlyýew Welmyrat («Weli gurluşyk») — 429 utuk.

Ýeňijilere çempionatyň hemaýatkärleri tarapyndan medallar, kuboklar hem-de sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň