Soňky habarlar

Arhiw

Fedor Ýemelýanenko karýerasyndaky soňky tutluşygynda nokaut bilen Raýan Beýderden ýeňildi

11:5805.02.2023
0
56435

Russiýaly MMA pälwany Fedor Ýemelýanenko «Bellatoryň» agyr agram derejesinde dünýä çempiony diýen at ugrundaky tutluşykda Raýan Beýderden ýeňildi. Tutluşyk 39 ýaşly amerikaly pälwanyň birinji raundda nokaut etmegi bilen tamamlandy.

Raýan Beýder 46 ýaşly rus türgenini tutluşyk başlandan 2 minut 30 sekunt soň nokaut etdi.

Fedor Ýemelýanenko üçin bu tutluşyk karýerasyndaky iň soňky duşuşyk boldy. Ol MMA-da 48 tutluşyk geçirip, şolaryň 40-synda ýeňiş gazandy we ýedisinde ýeňildi. Bir tutluşyk bolsa tamamlanmadyk diýlip yglan edildi.

Raýan Beýder karýerasynda 31 ýeňiş gazandy we 7 gezek ýeňildi.

Amerikaly pälwan Ýemelýanenkony iki gezek ýeňmegi başaran ýeke-täk türgendir. Ol ilkinji ýeňşini 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda gazandy. Şonda hem Raýan Beýder rus pälwanyny birinji raundda nokaut etmegi başarypdy.

Netijeler yglan edilenden soň, Fedor Ýemelýanenko elliklerini sekizburçlygyň ortasyna goýdy. Ony Bellator 290 ýaryşyna gatnaşýan MMA-nyň rowaýaty pälwanlary goldadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň