Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýylyň şygary mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy

22:5503.02.2023
0
38799

Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada hem hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu meýilnama ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanan uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, türkmen jemgyýetiniň abadançylygyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrmak, ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny, welaýatlarda onkologiýa we beýleki saglygy goraýyş maksatly merkezleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny gurmak işlerini çaltlandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, wise-premýere resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilişine we meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Resminamada beýan edilişi ýaly, Bilim ministrligine, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň