Rafael Waran milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

10:3803.02.2023
0
28170

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» klubynyň fransiýaly goragçysy Rafael Waran Fransiýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. 29 ýaşly oýunçy bu barada özüniň sosial torlardaky sahypasy arkaly habar berdi.

«Siziň bilen geçirilen pursatlary küýsärin. Ýöne täze nesliň döwri geldi. Bizde ähli ýüki öz egnine alyp biljek ýaş oýunçylar bar. Olar özlerine mümkinçilik berilmegine mynasyp.

Ähliňiz tüýs ýürekden minnetdar, Rafa!» diýip, ol sosial sahypasynda milli ýygyndy bilen hoşlaşyk ýazgylaryny ýerleşdirdi.

Ýeri gelende bellesek, Rafael Waran Fransiýanyň düzüminde 71 oýunda meýdança çykyp, 5 gezek öz adyna gol ýazdyrdy. Ol Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2018-nji ýylda Dünýä çempionatynyň altyn, 2022-nji ýylda bolsa Dünýä çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň