Şu ýyl türkmen işewürleriniň Italiýa okuw sapary guralar

11:5801.02.2023
0
32385

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň söwda gullugynyň baş müdiri Roberto Luongo bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň Italiýa okuw saparyny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Jenap Luongo iki ýurtdan gyzyklanýan kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek üçin duşuşyk guramagy teklip etdi. Şeýle hem ol Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Öz gezeginde, türkmen ilçisi hem iki ýurduň hususy we döwlet pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň artykmaçlyklaryny belläp, Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi barada durup geçdi.

Türkmen ilçihanasynyň metbugat gullugy taraplaryň başlangyç gepleşikleri dowam etdirmäge we ykdysady ugurda, şeýle hem işewür toparlar bilen iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine itergi bermäge taýýardyklaryny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň