Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Ýewropanyň ýerasty suw gorlarynyň azalýandygyny duýdurdylar

10:1001.02.2023
0
20834
Alymlar Ýewropanyň ýerasty suw gorlarynyň azalýandygyny duýdurdylar
Surat: seg31deny.felipevarela.com

Ýewropa ýerasty suw gorlarynyň dowamly azalmagy bilen baglylykda, heläkçiligiň alkymynda dur, bu barada «Geophysical Research Letters» žurnalynda çap edilen ylmy-barlaglaryň netijesinde aýdylýar diýip, «The Independent» neşirine salgylanýan «Belta.by» saýty ýazýar.

Makalada ýazylyşyna görä, 2018 we 2019-njy ýyllaryň tomus aýlarynda Ýewropada guraklyk sebäpli suwuň ýiti ýetmezligi hasaba alyndy. Şondan bäri ýerasty suwlaryň derejesi pesliginde galýar.

Galyberse-de, 2022-nji ýylda yklymda adatdan daşary jöwzaly howa we guraklyk boldy, onuň netijesinde güýçli ýangynlar, derýalaryň guramagy, howanyň hiliniň ýaramazlaşmagy bolup geçdi.

Alymlar guraklygyň tebigata we oba hojalygyna uly ýitgi getirýändigini belleýärler. Şeýle-de guraklyk netijesinde Ýewropada elektrik energetikasynyň gytlygy ýüze çykdy. Mysal üçin, Fransiýada sowadyjy suwuň ýetmeýändigi sebäpli atom elektrik stansiýalary elektrik toguny ýeterlik derejede öndürip bilmedi. Suwuň gytlygy gidroelektrik stansiýalaryň hem işine ýeterlik derejede päsgel berýär.

Şonuň üçin alymlar häzir Ýewropada suw bilen bagly ýagdaýyň örän howpludygyny belleýärler.

«Mundan birnäçe ýyl öň men Ýewropada, aýratyn hem Germaniýada ýa-da Awstriýada suw bilen bagly kynçylyk boljakdygy barada pikirem etmeýärdim» diýip, ylmy-barlaglaryň awtorlarynyň biri, doktor Torsten Maýer-Gýurr aýdýar.

Ol Ýewropa döwletleriniň baştutanlaryna bu meselä çynlakaý çemeleşmegi we onuň netijelerini azaltmak babatda zerur çäreleri görmegi maslahat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň