Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:1101.02.2023
0
29883

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habr berildi.

Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Belgiýanyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň