Soňky habarlar

Arhiw

Küşt boýunça ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony belli boldy

23:5330.01.2023
0
20281

19 ýaşly küştçi Azat Nurmammedow nusgawy görnüşde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň çempiony boldy.

Heniz ýaşdygyna garamazdan, FIDE-niň ussady derejesini gazanmagy başaran küştçi Halkara küşt federasiýasynyň ýanwar aýyndaky reýtinginde 2399 utuk toplap, dünýä we yklym derejeli halkara ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndysyna wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Türkmenistanyň çempionatyndan soňra bolsa onuň utugy 2400-den geçdi. Bu bolsa halkara sport ussady derejesini almak üçin gerekli şertleriň biridir. Şeýlelikde, Azat bu derejäniň talaplarynyň eýýäm ikisini berjaý etdi. Onuň bu talaplaryň ilkinjisini geçen ýylyň oktýabr ― noýabr aýlarynda Hindistanda geçirilen Aziýanyň çempionatynda ödändigini ýatladýarys.

Ýaşlaryň arasyndaky milli birinjilikde ikinji orny aşgabatly Amanmuhammet Hommadow (2006-njy ýylda doglan, 1840 reýting utugynyň eýesi), üçünji orny bolsa Lebap welaýatyndan Wepaly Halnyýazow (2005-nji ýylda doglan, 1911 reýting utugynyň eýesi) eýeledi. Türkmenistanyň çempionatynda bu türgenler mümkin bolan 9 utukdan, degişlilikde, 7,5 we 7 utuk gazanmagy başardylar. Ilkinji dörtlüge giren aşgabatly küştçi gyz Ogulsuraý Baýramowa (2003-nji ýylda doglan, 1865 reýting utugynyň eýesi) bürünç medalyň eýesinden diňe goşmaça görkezijiler boýunça yza galdy. Ýöne ol gyzlaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezen küştçi boldy.

Hersi 6,5 utukdan toplap bilen 6 küştçi bolsa öz aralarynda 5 ― 10-njy orunlary paýlaşdylar. Olar Allaýar Şiriýew, Rahym Haýdarow, Maksat Myradow, Ahmet Gubatyýew, Merýem Agajanowa we Aly Ahmedow dagylardyr.

Ýaşlaryň arasyndaky birinjilik erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň täze wekilini hem ýüze çykardy. Ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda birinji we ikinji orunlary eýelän Azat Nurmämmedow bilen Amanmuhammet Hommadowyň eýýäm Ýokary ligada ýaryşýandygy sebäpli, liganyň täze wekili Wepaly Halnyýazow boldy. Erkekleriň arasynda Ýokary liganyň ýaryşyny 2023-nji ýylyň fewral aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň